FIFA zenanlar ýygyndylarynyň 2023-nji ýyldaky jemleýji reýtingini yglan etdi. Reýtingde Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 139-njy basgançakda ýerleşýär. Şeýlelikde, milli ýygyndy ýylyň başyndan bäri iki basgançak aşak düşdi. Ozalky ornuny bir basgançak ýokarlandyran Ispaniýanyň ýygyndysy täze reýtinde birinji orna göterildi. Ikinji orunda ABŞ-nyň, üçünji orunda bolsa Fransiýanyň ýygyndylary bar. Aziýa yklymyna degişli ýygyndylaryň arasynda ilki bilen Ýaponiýanyň (8-nji orun), soňra Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň (9-njy orun) we Awstraliýanyň (12-nji orun) ýygyndylaryny görýäris.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir