2028-nji ýylyň Bütindünýä küşt olimpiadasy BAE-de geçiriler, ýaryşyň geçiriljek ýeri hökmünde Abu-Dabi saýlandy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň resmi Telegram-kanalyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. 2028-nji ýyldaky ýaryşyň paýtagty ýekşenbe güni onlaýn görnüşde geçirilen Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) baş assambleýasynda saýlandy. Ýaryşyň Abu-Dabide geçirilmegine 96 wekil ses berdi, 60-ysy garşy çykdy. Şeýle-de, assambleýanyň wekilleri FIDE-niň prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň iki möhlet bilen çäklendirilmegini ýatyrmak teklibini goldadylar. Federasiýanyň düzgünnamasyndaky bu punkty aýyrmagy Andorranyň küşt federasiýasy teklip etdi, ony 108 wekil goldady, 27-si garşy çykdy. FIDE-niň häzirki ýolbaşçysy RF-iň hökümetiniň öňki wise-premýeri Arkadiý Dworkowiçdir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir