Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) öz resmi saýtynda 2024-nji ýyldan başlap FIFA-nyň Kontinentara kubogy ady bilen täze ýaryşyň geçirilip başlanjakdygyny habar berdi. Ýaryş ýylda bir gezek geçiriler diýip, gazeta.ru belleýär. Ýaryşa ähli konfederasiýalaryň çempionlary gatnaşar. Final oýnunda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi we beýleki konfederasiýalaryň klublarynyň arasyndaky kontinentara pleý-offunyň ýeňijisi oýnar. FIFA tarapyndan ilkinji tapgyrlar klublar we konfederasiýalar bilen ylalaşmak arkaly meýilleşdiriler. Pleý-off 2024-nji ýylyň 14-nji dekabrynda bitarap ýerde geçiriler. Final 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir