Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň we “Inter Maýami” amerikan klubunyň hüjümçisi Lionel Messi Goal.com portaly tarapyndan ýylyň oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Regnum habarlar agentligi habar berýär. 36 ýaşly Messi ýedinji gezek Goal-dan baýragyň eýesi boldy. Iň gowy oýunçyny saýlamak üçin ses bermäge 5 milliondan gowrak adam gatnaşdy. Ikinji orny “Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand eýeledi. Üçlügi Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem jemledi. Dördünji orunda “PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappe, bäşinji orunda bolsa “Mançester Sitiden” belgiýaly Kewin de Brýoýne ýerleşdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir