Britaniýaly žurnalistler 1992-nji ýylda esaslandyrylandan bäri APL-iň her möwsüminde iň ýokary girdeji alan futbolçylaryň sanawyny düzdüler. Bu barada sport24.ua habar berýär. Angliýanyň premýer-ligasynyň ilkinji möwsüminde (1992/93) iň ýokary zähmet haky şol wagt “Liwerpulda” çykyş eden Jorn Barnsa degişlidi. Ýarym goragçy her hepde 10 müň funt sterling alýardy diýip, The Sun habar berýär. XXI asyryň birinji onýyllygynda ligada iň köp hak alýan Karlos Tewesdi. “Mançester Siti” argentinaly hüjümçä hepdede 250 000 funt sterling töleýärdi – hüjümçi 2013-nji ýyla çenli reýtingiň birinji ornuny eýeledi. Soňra “Mançester Ýunaýtedde” 7 günde 300 müň funt sterling alan Ueýn Runi öňe çykdy. Kriştianu Ronaldu bu sanawda ikinji orny eýeleýär. “Mançester Ýunaýtede” ikinji gezek gelen wagty Kriştianu hepdede 480 müň funt sterling alýardy. Portugaliýaly oýunçydan öňe “Realdan” klubdaşy Garet Beýl geçdi. 2020/21-möwsüminde ol 560 müň funt sterling aldy. APL-iň häzirki möwsüminde iň ýokary zähmet hakyny Kewin de Brýoýne alýar – “Mançester Siti” oňa hepdede 400 müň funt sterling töleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir