Braziliýanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi Neýmar 2024-nji ýylda geçiriljek Amerikanyň kubogynda oýnamaz. Bu barada milli ýygyndynyň lukmany Lasmar habar berdi, onuň teswirini Radio 98 dykgatymyza ýetirýär. Saud Arabystanynyň Al-Hilýal toparynda oýnaýan Neýmar oktýabr aýynyň ortalarynda şikes alypdy. Oňa öňdäki haç şekilli bognuň we meniskiň ýyrtylmagy kesel kesgidi goýuldy. Lasmar: "Entek ir, dikeldiş ädimlerini taşlap, reabilitasiýa kursuna howlukmagyň manysy ýok. Awgust aýynda gutularyna garaşýarys" -diýdi. Amerikanyň kubogy 20-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda geçiriler. Braziliýanyň milli ýygyndy topary Kolumbiýanyň, Paragwaýyň toparlary, şeýle hem Kosta Rikanyň we Gondurasyň toparlarynyň arasyndaky pleý-off oýunlarynyň ýeňijisi bilen toparçada oýnar. Neýmar 31 ýaşynda, 2017-nji ýylda 222 million ýewro dünýä futboly üçin rekord goýup Ispaniýanyň “Barselona”-syndan fransuz “PSŽ”-syna geçdi. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Neýmar 128 oýun oýnady we 79 pökgi geçirdi. Gollarynyň sany boýunça ol milli ýygyndynyň rekordçysy hasaplanýar. 2023-nji ýylyň awgust aýynda braziliýaly oýunçy “Al-Hilýala” geçdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir