Taryhda iň köp baýraga mynasyp bolan nemes futbolçy Tomas Mýuller «Bawariýa» bilen şertnamasyny ýene bir möwsüm uzaltdy diýip, Mýunhen klubynyň resmi web sahypasynda habar berilýär. 34 ýaşly hüjümçi bilen täze şertnama 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Geljek möwsüm «Bawariýada» 2008-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýän Mýuller üçin 17-nji möwsüm bolar. Mýuller «Bawariýanyň» düzüminde 684 resmi oýna gatnaşyp, 237 pökgi geçirdi we 261 gol pasyny berdi. Hüjümçi gatnaşan oýunlarynyň sany boýunça klubyň taryhynda Zepp Maýerden (706 gezek) soň ikinji orunda durýar. Müller «Bawariýanyň» düzüminde 32 kubok gazandy. Ol Germaniýanyň 12 gezek çempiony boldy, ýurduň Kubogynyň alty gezek we Superkubogynyň sekiz gezek eýesi boldy, şeýle hem Çempionlar ligasynda iki gezek, UEFA-nyň Superkubogynda iki gezek we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda iki gezek ýeňiji boldy. Mundan başga-da, Mýuller 2014-nji ýylda Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir