Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi Argentinada ýylyň türgeni diýlip ykrar edildi. Bu barada baýragyň resmi ýaýlymynyň sosial ulgamdaky sahypasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berilýär. Messi dördünji gezek bu baýraga mynasyp boldy – hiç kim «Altyn Olimpia» baýragyna beýle köp gezek mynasyp bolmandy. 2023-nji ýylda Messi «Pari Sen-Žermen» toparynyň düzüminde Fransiýanyň çempiony boldy we tomusda «Inter Maýami» bilen şertnama baglaşdy. Täze kluby bilen Messi ähli ýaryşlarda 14 oýun oýnady, şol oýunlarda 11 pökgi geçirip, 8 gol pasyny berdi. Argentinaly futbolçy toparyna taryhyndaky ilkinji kubogyny – MLS-iň we Meksikanyň çempionatynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Ligalaryň kubogyny almaga kömek etdi. 2022-nji ýylyň ahyrynda Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Messi «Altyn pökgi» baýragynyň sekizinji gezek eýesi boldy. Ýylyň zenan türgeni hökmünde bolsa 3000 metr aralyga päsgelçilikli ylgawçy Belen Kasetta saýlandy. Ol 2023-nji ýyldaky Panamerika oýunlarynda 9 minut 39,47 sekunt netije görkezip, Günorta Amerikanyň rekordyny goýdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir