Şu günler «Aşgabat» köpugurly stadionynda Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär. Düýn ― 21-nji dekabrda başlanan çempionat, ertir ― 23-nji dekabrda tamamlanar. Ýurduň dürli sebitlerinden we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden türgenleriň 127-sini jemlän ýaryşda erkekleriň arasynda-da, zenanlaryň arasynda-da 10 agram derejesinde iň güýçli agyr atletikaçylar kesgitleniler. Gatnaşyjylaryň arasynda paýtagtyň 2 topary, welaýatlaryň, Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň toparlary bar. Erkekleriň arasyndaky ýaryşlar 55, 61, 67, 73, 81, 87, 96, 102, 109 kilograma çenli hem-de 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde geçirilýär. Zenanlar bolsa 45, 49, 55, 59, 64, 71, 76, 81, 87 kilograma çenli hem-de 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde ýaryşýar. Türkmenistanyň çempionaty 23-nji dekabrda jemlener. Şol gün 18:30-da ýaryşyň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy guralar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir