Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna dalaşgär üç oýunçynyň adyny yglan etdi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Finalçylaryň hatarynda norwegiýaly Erling Holand, fransuz Kilian Mbappe we argentinaly Lionel Messi bar. 2023-nji ýylda Messi «Pari Sen-Žermen» toparynyň düzüminde Fransiýanyň çempiony boldy, Amerikanyň «Inter Maýami» toparynda Ligalaryň kubogyny aldy we 43 kubok gazanan «Barselonadaky» öňki topardaşy Dani Alwesden öňe geçip, taryhda iň köp baýrak alan futbolçy boldy. Oktýabr aýynda bolsa Messi «Altyn pökgi» baýragynyň sekizinji gezek ýeňijisi boldy. Holand «Mançester Siti» topary bilen bilelikde Angliýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň eýesi we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Mbappe «PSŽ-niň» düzüminde Fransiýanyň «Ligue 1» çempionatynda ýeňiji boldy. Ýeňijiniň ady 15-nji ýanwarda Londonda geçiriljek dabarada yglan ediler. Geçen möwsümde bu baýragy Messi alypdy.Halkara futbol federasiýasy (FIFA) ýylyň iň gowy oýunçysy baýragyna dalaşgär üç oýunçynyň adyny yglan etdi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Finalçylaryň hatarynda norwegiýaly Erling Holand, fransuz Kilian Mbappe we argentinaly Lionel Messi bar. 2023-nji ýylda Messi «Pari Sen-Žermen» toparynyň düzüminde Fransiýanyň çempiony boldy, Amerikanyň «Inter Maýami» toparynda Ligalaryň kubogyny aldy we 43 kubok gazanan «Barselonadaky» öňki topardaşy Dani Alwesden öňe geçip, taryhda iň köp baýrak alan futbolçy boldy. Oktýabr aýynda bolsa Messi «Altyn pökgi» baýragynyň sekizinji gezek ýeňijisi boldy. Holand «Mançester Siti» topary bilen bilelikde Angliýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň eýesi we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Mbappe «PSŽ-niň» düzüminde Fransiýanyň «Ligue 1» çempionatynda ýeňiji boldy. Ýeňijiniň ady 15-nji ýanwarda Londonda geçiriljek dabarada yglan ediler. Geçen möwsümde bu baýragy Messi alypdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir