Portugaliýanyň «Portu» futbol klubunyň ýarym goragçysy Galeno Çempionlar ligasynda hepdäniň oýunçysy diýlip yglan edildi. Bu barada ýaryşyň resmi web sahypasynda habar berilýär. arşenbe güni «H» toparçanyň altynjy aýlawynda Ukrainanyň «Şahtýor» toparyna garşy geçirilen oýunda (5:3) 26 ýaşly Galeno iki gol geçirip, iki ýardam pasyny berdi. Şeýle hem bu baýraga «Real Madridden» Hoselu, Portugaliýanyň «Benfika» toparyndan Anhel Di Mariýa we Ispaniýanyň «Atletikosyndan» Samuel Lino dalaşgärlige hödürlenipdi. Ýewropa ligasynda Çehiýanyň «Sparta» toparyndan Welko Birmançewiç hepdäniň oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol Kipriň Ýewropa kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň altynjy aýlawynda «Aris» toparyna garşy oýunda (3:1) iki goly öz adyna ýazdyrdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir