Iňlis Leon Edwards UFC-niň orta agram derejesindäki çempiony adyny almak ugrundaky göreşde eminleriň biragyzdan gelen karary bilen amerikaly Kolbi Kowingtony ýeňdi. Söweş Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) UFC 296-nyň çäklerinde geçirildi. Edwardsyň häzirki wagtda garyşyk söweş sungatynda 22 ýeňşi we 3 ýeňlişi bar. Ol ikinji gezek adyny üstünlikli gorady, ozal iňlis türgeni bu at ugrundaky söweşlerde iki gezek nigeriýaly Kamaru Usmany ýeňipdi. Kowingtonyň indi MMA-da 17 ýeňşi we 4 ýeňlişi bar. Ýene bir söweşde braziliýaly Aleşandre Pantoža eminleriň biragyzdan gelen karary bilen amerikaly Brendon Roýwaly ýeňdi. Braziliýaly söweşiji UFC-niň iň ýeňil agram derejesindäki çempiony adyny saklady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir