Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji tapgyry tamamlandy, şondan soň ýaryşyň pleý-off oýunlaryna gatnaşyjylaryň hemmesi kesgitlenildi. «West Hem», “Braýton”, “Reýnjers”, “Atalanta”, “Liwerpul”, “Willýarreal”, “Slawiýa” (Praga), “Baýer” toparda birinji orundan Ýewropa ligasynyň pleý-offuna çykdy. Ikinji ýerden “Fraýburg”, “Marsel”, “Sparta” (Praga), “Sporting” (Lissabon), “Tuluza”, “Renn”, Roma” we “Karabah” ýaryşyň pleý-offuna çykdy. “Galatasaraý”, “Lans”, “Braga”, “Benfika”, “Feýenoord”, “Milan”, “Ýang Boýz” we “Şahtýor” Çempionlar ligasyndan Ýewropa ligasyna girdi. 2023/24-UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň pleý-off oýunlarynyň bijesi 18-nji dekabrda Şweýsariýanyň Nýon şäherindäki Ýewropa futbol öýünde geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir