Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messiniň 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda geýen alty köýnekçesi Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 7 mln ýewro satyldy diýip, gazeta.ru habar berýär. Bu 2023-nji ýylda häzirki auksionda satylan sport ýadygärlik zatlarynyň arasynda bahasy boýunça rekorddyr. Ýöne Sotheby’s auksionynyň taryhynda sport zatlarynyň arasynda iň ýokary baha Maýkl Jordanyň 1998-nji ýyldaky MBA-nyň finalynda geýen köýnekçesine degişli, ol 2022-nji ýylda 9,1 mln ýewro satyldy. Lionel Messi dünýä çempionatynda gatnaşan ýedi oýnunyň altysyndan köýnekçelerini auksiona berdi: dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň üç oýnunyň ikisinden, 1/8 finalyň Awstraliýa garşy oýnundan (2:1), 1/4 finalyň Niderlandlara garşy oýnundan (2:2, ýeňiş penalti tapgyrynda – 4:3), 1/2 finalyň Horwatiýa garşy oýnundan (3:0) we Fransiýa garşy final oýnunyň birinji ýarymyndan (3:3, ýeňiş penalti tapgyrynda – 4:2). “Messiniň oýunlarda geýen bu köýnekçeleri onuň mirasynyň artefaktlarydyr. Olar Messiniň irginsiz zähmet bilen doly karýerasynyň kulminasiýasyny we onuň owadan oýna bolan ebedi hyjuwyny alamatlandyrýar. Ýakyn ýyllarda bu köýnekçeler Messiniň beýikligi we onuň futbol taryhynda galdyran öçmejek yzy barada ýatlama bolup hyzmat eder” – diýip, auksionyň resmi saýtynda aýdylýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir