Günorta Koreýanyň elektronika enjamlaryny öndürijisi «Samsung» fransuz moda öýi «Maison Margiela» bilen bilelikde «Galaxy Z Flip 5» eplenýän smartfonyň aýratyn görnüşini döretdi. Bu enjamyň üýtgeşik tarapy arka panelinde ýarym dury dizaýnyň ulanylmagydyr. Onuň aşagynda moda brendiniň žakediniň bölegi görünýär. Tutuş korpusy bir stile getirmek üçin enjamyň ekran ýerleşýän ýokarky bölegi üçin ýörite diwar suraty (oboý) işlenip düzüldi. Enjam iki daşlyk bilen hödürlenýär. Birinjisi – «Flap Leather Case» – hakyky gara deriden taýýarlanan. Ol «Maison Margiela-nyň» «Work-in-Progress» atly şahsy dizaýn stilini şöhlelendirýär. Ikinjisi – «Flipsuit» – boýag damjalary bilen örtülen daşlyk bolup, brendiň döredijilige ymtylýandygyny görkezýär. Täze önümiň bahasy we näçe mukdarda öndüriljekdigi heniz aýan edilmedi. Şeýle-de bolsa, «Samsung Galaxy Z Flip 5 Maison Margiela Edition-yň» 30-njy noýabrdan başlap käbir bazarlarda, şol sanda Hytaýda, Gonkongda we Günorta Koreýada elýeterli boljakdygy mälimdir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir