“Formula-1-de” “Alfa Romeo” brendi bilen “Sauber Motorsport-yň” arasyndaky 2018-nji ýylda başlan strategiki täjirçilik hyzmatdaşlygy Abu-Dabiniň Gran-prisinde tamamlanar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär diýip, championat.com belleýär. “Alfa Romeo” Halkara awtomobil federasiýasyna (FIA), toparyň düzümine giren ähli sürüjilere we işgärlere, şeýle-de ähli hyzmatdaşlara, şol sanda güýç enjamlarynyň üpjünçiligi üçin “Ferrarä” minnetdarlyk bildirdi. Abu-Dabiniň Gran-prisini C43 bolidleri Sauber brendi bilen hyzmatdaşlygyň altyýyllygy mynasybetli altylyk belgi bilen geçirerler. Şeýle-de, bolidiň liwreýasynda Sauber toparynyň brende we öz toparyna goýýan hormatynyň alamaty hökmünde “Alfa Romeo nei nostri cuori” (“Alfa Romeo hemişe biziň ýüregimizde”) ýazgysy peýda boldy. Ýatlap geçsek, öň “Alfa Romeonyň” 2024-nji ýyldan “Haasyň” titul hemaýatkäri bolup biljekdigi habar berildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir