«Apple» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk söhbetdeşlikleriniň birinde wezipeden gitmek barada pikirlenýändigini aýtdy. «Biz özgerişlige ynanýan kompaniýa. Şonuň üçin biziň bu babatda anyk meýilnamalarymyz bar» diýip, telekeçi gürrüň berdi. Kuk mümkin bolan oruntutarlarynyň adyny aýtmakdan saklandy, ýöne bu iş üçin birnäçe işgär taýýarlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem Tim Kuk IT-ägirdiniň indiki ýolbaşçysynyň kompaniýanyň ýöriteleşen ugry bilen gowy tanyş adam bolmalydygyny aýtdy. Telekeçi oruntutarynyň korporasiýada ýolbaşçy wezipede işleýändigini çaklamaga esas berdi. «Meniň wezipäm – direktorlar geňeşiniň ýolbaşçylyk etjek kimdir birini saýlamagyna göz ýetirmek» diýip, Kuk belledi. Ol söhbetdeşligiň dowamynda kompaniýanyň özgerişlige taýyn bolmalydygyny aýtdy. Şeýle hem ol özünden «2050-nji ýylda bu korporasiýada işlärsiňizmi?» diýlip soralanda, durmuşyny diňe «Apple» bilen baglanyşdyrýandygyny, şonuň üçinem onda «ýene birnäçe wagt» galjakdygyny nygtady. Tim Kuk «Apple» kompaniýasynda 1998-nji ýyldan bäri işleýär we 2011-nji ýylyň 24-nji awgustyndan bäri kompaniýa ýolbaşçylyk edýär. Kuk «Apple-iň» esaslandyryjysy Stiw Jobsyň oruntutary boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir