AnTuTu bençmarky öz saýtynda çykmaga taýýarlanýan Red Magic 9 Pro geýmer smartfonynyň synagynyň netijelerini ýerleşdirdi. Bu smartfon öndürijiligi boýunça rekord goýdy diýip, gazeta.ru belleýär. Şeýlelikde, Snapdragon 8 Gen 3 çibi, 24 GB operatiw ýat we 1 TB içerki saklaýjy bilen enjamlaşdyrylan Red Magic 9 Pro 2,29 mln bal gazanmak bilen, bençmarkyň rekordyny täzeledi. Ulgam täze prosessory 516 müň bal, grafiki prosessory 904 müň bal, ýadyň we interfeýsiň işini, degişlilikde, 457 we 412 müň bal bilen bahalandyrdy. Görnüşi ýaly, öndüriji flagman çibi, ýadyň ýokary göwrümi we işlenen sowadyş ulgamy arkaly şeýle ýokary netijeleri gazanyp bildi. Şeýle-de, Red Magic Pro 9 oýun smartfonynyň ekranasty frontal kamera, işjeň sowadyş ulgamy, gyralardaky sensor triggerler we tekiz yzky panel bilen üpjün ediljekdigi bellidir. Täze smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy 23-nji noýabrda Hytaýda bolar. Red Magic 9 smartfon seriýasynyň Hytaýdan daşary peýda boljakdygy barada habar berilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir