Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen sergä Eýran Yslam Respublikasyndan 100 töweregi kompaniýasy gatnaşýar. Elli töweregi pawilion gurluşyk we önümçilik, tehniki we inžinerçilik hyzmatlary, suw dolandyryşy, energiýa, nebit-gaz, nebithimiýa, bilim we söwda pudagynda işleýän kompaniýalaryň önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär. 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda türkmen-eýran işewürlik forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalary we eýranly telekeçiler geljekde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin birnäçe resminama gol çeker diýlip garaşylýar. «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi şu gün we ertir 18:00-a çenli hereket eder, 19-njy noýabrda — 15:00-a çenli işlär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir