Ignite 2023 çäresinde Microsoft kompaniýasy Windows-li enjamlar, macOS, iOS we beýleki platformalar üçin täze Windows App programmasyny yglan etdi. Işläp düzüjileriň belleýşi ýaly, onuň kömegi bilen ulanyjylar Windows 365-e, Azure wirtual iş stolyna, Microsoft Dev Box-a ýa-da şahsy iş stoly kompýuterine, olaryň nirededigine garamazdan, uzak aralykdan birigip bilýärler. Windows App programmasynyň deslapky wersiýasyny Microsoft Store-dan, şeýle hem Apple TestFlight programmasyndan ýükläp alyp bolýar. Microsoft Windows App-yň ähli birikdirilen enjamlaryňyzy we programmalaryňyzy dolandyrmak üçin uniwersal ýer diýip belleýär. Interfeýsiň ýokarsynda Windows 365-li bulutly personal kompýuter, Microsoft Dev Box we Azure Wirtual Desktop (AVD) ýaly berkidilen enjamlaryň sanawy bar. Soň bolsa berkidilen programmalaryň sanawy gidýär. Beýleki enjamlaryň we amaly programmalaryň menýusyndan ondan-oňa geçip bolýar, şeýle hem sanawlary giňeltmek mümkinçiligi bar. Şeýle hem “Sazlamalar” opsiýasy ýerleşýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir