Salam hormatly agzalar we myhmanlar! 30-njy martda Malaýziýanyň paýtagtynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň baş edarasynda 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek XXX Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşlarynyň ikinji tapgyrynda bäsleşjek ýurtlaryň saýlama oýunlary boýunça bije atyşlyk boldy. Bu bije atyşlygyň netijelerine görä, XXX Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşlarynyň ikinji tapgyrynda türkmen futbolçylary Siriýanyň ýygyndy komandasy bilen duşuşar. Siriýanyň we Türkmenistanyň komandalarynyň ýaryşy bilen bir wagtda Katar-Hindistan, Yrak-Eýran, Bahreýn-Tailand, Awstraliýa-Ýemen, Ýaponiýa- Kuweýt, KHDR-BAE, Koreýa Respublikasy-Iordaniýa, Özbegistan-Gonkong, Saud Arabystany-Wýetnam, Hytaý- Oman, Liwan-Malaýziýa futbolçylarynyň arasynda oýunlar bolar. Bu oýunlaryň ilkinji tapgyry 19- njy iýunda geçiriler. Jogap oýunlary bolsa şu ýylyň 23-nji iýunynda bolar. Şeýlelikde öz güýçlerini synamak üçin türkmen futolçylary 19-njy iýunda Siriýa giderler. Türkmentanyñ futbol ýygyndy komandasyna geljekde üstünlikler arzuw edýän! :-)

Köneler, Maykl tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir