Howlynyñ içinde-bir bölek ýere, gül ekdim.lowurdap açyldy bary. Birisi gyrmyzy,birisi gara, birisi mämi$i,birisi sary. $u gün gapymyzdan geldi bir myhman, geleni bäri hem gözleri gülde. $ol seredip otyr gözlerin gyrpman, göýäki diýersiñ bir suwsuz çölde bütin ömürboýy zar bolup güle, doldurýan ýalydyr onuñ öwezin. Myhmanym seredýär "gijegözele", myhmana seredýär "gijegözelim". Owadan gözlerin ertirden bäri aýryp bilmän otyr owadan pelden. Go$gy go$masa-da,tüýs $ahyr boldy- bir pursat sowaýsa gözlerin gülden, göýä güller göçüp ötäýjek ýaly, bakýardy güllere gezek-gezegne. Bakýardy "nerkese",gyzyl "piona", bakýar "georgine","gijegözelne". Men güle-de a$yk.güli söýýänläñ özüne-de a$yk.hem güle bakýan, hem myhmana bakýan.güller hakynda bir ajaýyp pikir aýdar ol hökman. Edil diý$im ýaly.içdi-de çaýyn, sözledi gül hakda ajap bir beýdi. -beýdip munça ýeri zaýalap nätjek, pomidor ekäýseñ bolardy!-diýdi.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir