Kompyutere gozuniz bilen buyruk berin Mart ayynyn 1-5 aralysynda Germaniyada geçirilen "CeBIT 2011" tehnologiya sergisinde unsi çeken tazeliklerin biri hem "Tobii" shereketinin goz arkaly kompyutere buyruk bermek tehnologiyasy boldy. "Lenovo" hem-de "Tobii" shereketlerinin sergide gorkezen laptor kompyuterlerinde goz arkaly kartadyr suratlary ulaldyp-kiçeldip (zoom), penjireden penjira geçip, e-poçtadyr dokumentleri açyp okamak bolyar. Salgysy www.tobil.com bolan shereketin saytynda energiyany has tygshytly ulanmak uçin bolsa ekrana seredyan adam bolmasa, ekran awtomatiki yagdayda garankyrayar hem-de ona seredilende, oz-ozunden yagtylyar. (mendenem maslahat: alymlar goz bilen dalde, beyni bilen buyruk berip bolyan kompyuterdir, programmalary yasasalar ishler hasam ansatlashar) *** "Opera Mobile AppStore" ishe bashlady www.ubergizmo.com saytynyn habar bermegine gora, "Opera Mobile AppStore" ishe bashlady. Teze internet dukanyndan "Opera Mini" hem-de "Opera Mobile" programmalaryny ulanyanlanlaryn 55 goterim toweregi taze hyzmatdan peydalanyp bilyarler. Taze dukana girmek uçin bolsa telefonynyzdan mobilestore.opera.com internet salgysyna girip, ulanyan operasion ulgamynyzy saylamaly. Dunyanin 200 yurdundan gowrak yurtda ulanylyp bilinyan taze dukanda durli programmalar bar. Yeri gelende aytsak, dukanda programmalar dukana degishli bolman, programmany dukana goyan programmaçylara degishlidir. Hazirki wagtda hyzmatyn taze bolandygy sebapli dukanda kan programma tapdyranok, yone yakyn wagtda programmalaryn sanynyn kopelmegine garashylyar. Dukanyn (yagny, "Opera" shereketinin) beryan goshmaça hyzmaty bolsa dukandaky programmalara kepillik bermekdir. Yagny, "DRM" howpsuzlygy arkaly dukandan alan programmalarynyzda wiruslaryn bolmajakdygyna kepilnama berilyar. (mendenem turkmen programmistlere hayysh: "Opera Mobile AppStore" programmasynyn turkmençe wersiyasynam çykarsalar oran hoshal bolardyk) *** Syçanjyk + klawiatura= "Brando MIX Gestures" "Wireless Mini Keyboard" "Brando" shereketi syçanjyk hem-de klawiaturanyn gibridi bolan tasin "MIX Gestures Wireless Mini Keyboard" enjamyny satyp bashlady. 56 klawisha eye bolan bu enjam simsiz ishleyar hemde onda optiki taçpad (laptorlarda syçanjygyn wezipesini yerine yetiryan enjam) bar. Ululygy 109mm x 59mm x 18mm bolan enjamyn agramy bolsa bary yogy 93 gram. Shereketin saytynda berlen beyanatda taze enjamyn syyahatçylar hem-de okuwçylar uçin oran amatlydygy aydylyar. Klawiatura islendik dukanda tapdyryan iki sany "AA" kysymly batareya arkaly ishleyar. Bahasy bolsa 50 dollar. (mendenem goshmaça: namuçin tyuner, telewizor we bashgada kop zatlary simsiz pultly ishledip, kompyuterin syçanjygny indi pulta geçirjek bolyarlarka, oran tasin) *** Abunaçylaryn sany artyar Dunya moçberinde el telefony abunaçylarynyn sanynyn 4 milliard 916 milliona yetendigi habar berildi. Global mobil upjunçilikler bileleshiginin (GSA) hasabatyna gora, 198 yurtda 543 el telefony operatorlary ish alyp baryar. 156 yurtda 383 shereket 3G (WCDMA) hyzmatyny hodurleyar. Bularyn 99 goterimi "3,5 G" diylip atlandyrylyan HSPA ulgamynda hyzmat hodurleyarler. Hasabatda berilyan maglumatlara gora, dunyadaki jemi mobil abunaçy sany 4 milliard 916 million. 255 onumçilikçi tarapyndan jemi 2 mun 922 model 3G telefony satuwa çykaryldy. Hazirki wagtda dine 17 yurtda mushderilere hodurlenyan 4G ulgamynda ishleyan 63 mobil telefony bar. Onumizdaki yylyn ahyrynda azyndan 64 sany operatoryn 4G ulgamyndaky hyzmatyny açjakdygyna garashylyandygy malim edilyar. Dunyanin in kop ilatly yurdy bolan Hytayda 734,6 million abunaçy bar. Hindistan 627 million abunaçysy bilen ikinji yerde duryar. (mendenem goshmaça: 4G ulgamy, 3G ulgamyndan nahili ayratynlyklary barka, ol haçan yurtda peyda bolarka?) *** agzalar mena azajygam bolsa tehnologiya bilen tanyshdyrayyn diydim, on eshitmedikler bar bolsa. Sizem bilyaninizden yazyp durun!

Köneler, Diamond tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir