Coca-Cola emeli aň bilen hyzmatdaşlykda döredilen adaty bolmadyk tagamly, çäkli mukdarda Y3000 içgisini çykardy. Bu barada öndürijiniň metbugat gullugy habar berdi. Futuristik içginiň özboluşly tagamyny döretmek üçin brend emeli aňyň ideýalaryny we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen janköýerleriň geljegiň nähili bolup biljekdigi baradaky pikirlerini birleşdirdi. Içginiň gaplamasynyň “Ýagty geljegi” alamatlandyrýan adaty däl dizaýny hem neýroulgam bilen bilelikde döredildi. “Biziň maksadymyz - janköýerlerimiz üçin garaşylmadyk we jadyly pursatlary döretmek. ““Coca-Cola” -nyň wagta dahylsyzlygyndan ylham alyp, her kimiň geljegiň nähili bolup biljekdigi baradaky pikirini bellemek isleýäris. Coca-Cola Y3000 Zero Sugar emeli aň tehnologiýasyny ulanyp, içgimiziň geljekde nähili bolup biljekdigini görkezýär "- diýip, Coca-Cola-nyň global strategiýa boýunça uly müdiri Oana Wlad belledi. Şol bir wagtyň özünde, öndüriji gazly içginiň tagamynyň nähili boljakdygyny ýa-da düzümine haýsy goşundylaryň girjekdigini aýtmaýar. Düzüminde şekeriň mukdary azaldylan bu üýtgeşik täze önümi ABŞ-da, Kanadada, Hytaýda, Ýewropada we Afrikada satyn almak bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir