Türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 8-nji oktýabrda polşaly türgen Maseý Ružanskä garşy söweşer. Ýarym agyr agram derejesindäki söweş Bellator 300 ýaryşynyň çäginde San-Diego (ABŞ) amerikan şäherinde geçiriler. Ýatlatsak, Döwletjan özüniň soňky tutluşygyny şu ýylyň mart aýynda Bellator 292-de geçirdi. Şonda türkmen pälwany eminleriň biragyzdan karary bilen litwaly Julias Anglikasdan üstün çykdy. 34 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator bilen şertnama gol çekişdi. Ol bu guramadaky ilkinji türkmenistanly türgen boldy. Onuň hasabynda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar. Onuň garşydaşy — 34 ýaşly polşaly Maseý Ružanskiýniň hasabynda 14 ýeňiş we 4 ýeňliş bar. Polşaly türgen soňky tutluşygyny şu ýylyň fewral aýynda Bellator 291 ýaryşynda geçirdi. Şol gezek ol utuk sany boýunça britaniýaly Karl Murdan ýeňildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir