Kaliforniýanyň Baş prokuraturasy Google-y kazyýete berdi. Kazyýetde aýdylyşyna görä, ulanyjy bu funksiýany öçüreninden soň hem kompaniýa ulanyjylaryň ýerleşýän ýerleri baradaky maglumatlary bikanun ýygnamagy we saklamagy dowam etdirýär. "The Guardian"-yň berýän habaryna görä, Google ulanyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplanýan kazyýet işini çözmek üçin 93 million dollar tölär. Şikaýatçynyň sözlerine görä, Google ulanyjylaryň ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary bikanun yzarlaýar we saklaýar. Kazyýete arzany Kaliforniýanyň baş prokurory Rob Bonta berdi. Onuň sözlerine görä, kompaniýa maglumatlary gizlin saklaýandygy we ýygnaýandygy baradaky hakykaty gizleýär. Derňewiň netijesi Google bu aýratynlygy öçürenden soň hem ulanyjylary yzarlaýandygyny görkezdi. Kompaniýa täjirçilik bähbidini görmek maksady bilen maglumatlary bikanun ýygnaýar. Google günäsini boýun almaýar. Şeýle-de bolsa, kompaniýa 93 million dollar tölemäge hem-de ulanyjylara programmanyň ýerleşýän ýerini yzarlaýandygyny we täjirçilik önümlerini mahabatlandyrmak üçin maglumatlary ýygnaýandygyny habar bermek ýaly birnäçe talaplary ýerine ýetirmäge razy boldy. Google-yň wekili Hose Kastaneda kompaniýanyň birnäçe ýyl ozal gizlinlik ýörelgesini üýtgedendigini aýtdy. Häzirki wagtda ulanyjynyň şahsy maglumatlary onuň razylygy bolmasa saklanmaýar ýa-da işlenmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir