Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Duşenbede geçen bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigi we oňa uly hormat görkezendigi üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň minnetdarlyk haty metbugatda çap edildi. «Bu çäreleriň dowamynda Siziň bilen çuň many-mazmuna, hoşniýetlilige, ynanyşmaga esaslanan duşuşygymyz türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezligini ýene-de bir gezek görkezdi. Biz bu gymmatlyklary diňe aýawly saklaman, eýsem, häzirki döwre getirdik, döwletara gatnaşyklaryň binýadyna öwürdik. Duşenbede doganlyk halklaryň umumylygynyň tassyklanmagynyň, dostlugy we ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge itergi berlendiginiň, ählumumy ösüşiň häzirki çylşyrymly şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň agzybirliginiň, jebisliginiň, raýdaşlygynyň syýasy hem-de dünýägaraýyş esaslarynyň berkidilendiginiň çuň many-mazmuny bardyr. Siziň bu çärelerde myhmansöýerligiňizi, hormat goýmagyňyzy we açyklyk ýagdaýyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu bolsa köp derejede çäreleriň üstünlikli geçmegini, bellenen maksatlara ýetilmegini üpjün etdi. Men türkmen-täjik gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek ugrunda edýän ähli işleriňiz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Siziň Täjigistana baştutanlyk edýän döwrüňizde biziň syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde hyzmatdaşlygymyzda hil taýdan ýokary ösüş gazanyldy. Daşary syýasat ulgamynda, sebit we ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek we berkitmek işinde özara hyzmatdaşlyk berkedi. Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny Täjigistanyň goldaýandygyny görýäris we muňa ýokary baha berýäris. Men muny Siziň adyňyz, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda edýän uly tagallaňyz, iki halkyň we döwletiň arasyndaky dostluga, hyzmatdaşlyga ygrarlydygyňyz bilen doly esasda baglanyşdyrýaryn. Sizi Duşenbede ýokary derejedäki çäreleriň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlamaga we Türkmenistanyň hemişe Täjigistan bilen ýakyn gatnaşykda boljakdygyna, dostlukly gatnaşyklarymyzyň esasynda goýlan belent maksatlara berk eýerjekdigine ynandyrmaga rugsat ediň!» - diýlip hatda aýdylýar.