Baryp orta asyrlarda meşhur bolan öýüň içini we daşyny gips bilen bezemeklik şu günlerde ýene-de ýörgünli häsiýete eýe boldy. Bu günki gün öýleriň abatlaýyş (remont) işleri geçirilende diwarlary bezemek üçin gips tüýs ýerine düşen önüme öwrüldi. «Bezeg Gipsler Merkezi» dükany hem öýüň içki we daşky bezeginde ulanmak üçin gips bezegleriniň dürli görnüşlerini amatly bahadan hödürleýär. Dükanda 500 ýüze golaý düz we gülli karnizler, çiteler, düz çyzykly we ýüzi nagyşly kolonnalar, kerpiçler, 3D paneller, frizler, padlýustralar, elementler, täçler we şuňa meňzeş başga-da 1000-e golaý gipsler bar. Gips bezegleriniň nähili artykmaçlyklary bar: ýangyna çydamly; jaýryk berenok; dürli reňkleri ýokary hilde özüne siňdirýär; «Bezeg Gipsler Merkezi» dükany gipsleriň ähli görnüşlerini müşderiniň islegine görä ýa-da dizaýna görä täzesini hem ýasap taýýarlap berýär. Dükanyň özünde taýýar dizaýnlar hem bar. Şol bir wagtda, her bir müşderiniň islegine görä, tölegli dizaýn çyzgylary çyzyp, dizaýndaky gipsler bilen üpjün etmek hyzmaty hem bar. «Bezeg Gipsler Merkezi» dükany baryp ölçeg almak, gurnamak hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär. Söwdanyň möçberi 1000 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär. Welaýatlara hem ugratmak mümkinçiligi bar. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat ş., «Altyn Asyr» söwda merkezi (Bäşaýak), 4-nji gat, Dükan N405, (Moskowskiý köçesi). Tel: +99365 87-55-44; +99363 83-77-72; 47-88-20 TikTok: @gipslermerkezi Instagram: gipsler_merkezi

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir