Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Feýsalabat sebitiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Hurram Tarik bilen duşuşdy. Onda Türkmenistanyň ilçisi türkmen tarapynyň Pakistana suwuklandyrylan gazy awtoulaglar arkaly eksport edip başlandygyny aýtdy diýip, “Associated Press of Pakistan” neşiri habar berýär. Ýyllyk geçirijilik kuwwaty 33 milliard kub metre barabar Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi. Bellenişi ýaly, bu gaz geçiriji uzakmöhletleýin esasda diňe bir Pakistanyň zerurlyklaryny kanagatlandyrman, eýsem sebit hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mälim edilişine görä, Türkmenistandan Pakistan Yslam Respublikasyna suwuklandyrylan gazyň 50 sisternini ugratdy. Hurram Tarigiň pikirine görä, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegi we işewürlik toparlary bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy möhümdir. Orient Link: https://orient.tm/tm/post/60400/turkmenistan-awtoulag-arkaly-suwuklandyrylan-gazy-pakistana-eksport-edip-baslady

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir