Türkmenistanly mugallymlar geljek ýylyň 9-njy ýanwary – 4-nji marty aralygynda iňlis dili boýunça global onlaýn okuwlara çagyrylýar. 4 hepdeläp dowam edýän okuwlar “Online Professional English Network” global maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Gyzyklanma bildirýän taraplar şu salgy boýunça 1-nji oktýabra çenli arzalaryny tabşyryp bilerler. Hünär ýokarlandyryş okuwynyň maksatnamasy ABŞ-nyň uniwersitetleri tarapyndan işlenip taýýarlanandyr. Onuň çäklerinde akademiki hatlary ýazmagyň, onlaýn okuwlary alyp barmagyň, okuwçylaryň öwrenmäge islegini ýokarlandyrmagy we iňlis dilinde gürletmegiň usulyýeti öwredilýär. Okuwa gatnaşyjylaryň dürli usulyýet gollanmalara elýeterliligi üpjün edilýär. OPEN (GOC) okuwlary her pasylda bir gezek möwsümleýin geçirilýär. Okuw bilen baglanyşykly soraglary şu salga ýazmak arkaly anyklap bilersiňiz: ashgabatamericanenglishprogram@state.gov. Orient Link: https://orient.tm/tm/post/60404/turkmen-mugallymlary-inlis-dili-boyunca-onlayn-okuwlara-cagyrylyar

Bilim, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir