Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary 20-nji sentýabra çenli dowam eder. Bu barada TDH habar berýär. «Turkmenportalyň» hem ozal habar berşi ýaly, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «С5+1» görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer. BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 – 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir