Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Gazagystanyň türgenleriniň gatnaşmagynda guralan suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşda türkmen türgenleri jemi 11 medal gazandylar. Türkmen türgenleri ýaryşyň birinji gününde 1 kümüş, 3 bürünç, ikinji gününde 1 altyn, 3 kümüş, ahyrky gününde hem 1 altyn, 1 bürünç, 1 kümüş medal gazanmagy başardylar. Belläp geçsek, suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryş Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän günlerine gabat geldi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir