Porsche kompaniýasy Taýcan elektrik ulagy tarapyndan goýlan täze rekordy yglan etdi. Uniwersal Cross Turismo 10 günde 5,5 kilometrden gowrak belentlige çykmagy başardy. Dünýäde hiç bir elektrik ulagynyň bir syýahatda beýiklige çykmakda beýle üýtgeşmäni başdan geçirmändigi nygtalýar. Syýahat Hytaýyň Aýding kölüniň iň pes nokadyndan başlandy we Tibetde Huntu-Daban depesinde tamamlandy. Iki Porsche Taycan Cross Turismo deňiz derejesinden 218,845 metr aşaklykda bat aldylar we 2783 kilometr ýol geçenden soň deňiz derejesinden 5355,134 metr belentlige çykdylar. Elektrikli awtoulaglar diňe bir rahat asfalt ýollardan geçmeli bolman, eýsem dünýäniň geçmesi iň kyn hasaplanýan ýerlerinden hem geçmeli boldular. Mundan başga-da, syýahat birden temperaturanyň üýtgemegi bilen çylşyrymlaşdy. Elektrikli awtoulaglaryň ýany bilen siwilizasiýadan üzňe ýerlerde ulanylýan ýük awtoulag şassisinde oturdylan ykjam zarýad beriş stansiýasylary gitdiler. Porsche awtoulag ýollarynyň birinde geçelgäni geçende, sürüjiler ulagyň ýöreýiş ätiýajynyň köpelendigini bellediler. Bu rekuperasiýa ulgamynyň uzak inişde işlemegi bilen düşündirilýär: pellehana tarap hereket edilende külterlenmeli geçelgäniň beýikligi 4 müň metrden geçýär. Kompaniýa ekstremal syýahatyň diňe bir elektrik awtoulagynyň mümkinçiliklerini barlamagyň ýene bir usulyna öwrülendigini belleýär. Täze rekord sürüjileri batareýaly ulaglarda uzak aralyga syýahat etmek barada täzeçe pikirlenmäge höweslendirmek üçin niýetlenendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir