21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli «Senagat — innowasiýa modeli ýurdumyzyň esasy strategiki ugry» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Oňa taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer H.Geldimyradow şenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu forumy Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gurar. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriň wekilleri gatnaşar. Maslahatyň esasy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, maliýe-salgyt, pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durnukly ösüşi üpjün etmekde innowasiýalaryň ähmiýeti hem-de beýleki ugurlar bilen baglanyşykly bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir