14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly kinofestiwaly geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Kinofestiwalyň esasy maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, türkmen kino sungatyny ösdürmekden, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligini sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.