Aşgabatda Liwiýa döwletinde bolup geçen weýrançylykly suw joşgunynyň pidalary ýatlanyldy. Liwiýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistandaky býurosynyň guramagynda geçirilen matam çäresine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, libyaakhbar.com neşiri mälim edýär. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary matam kitabynda Liwiýanyň halkyna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenleriň bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýazdy. "Deniel" diýlip atlandyrylýan ýagyşly tupandan soň, 10-njy sentýabrda Liwiýanyň demirgazyk-gündogarynda, Ortaýer deňziniň kenaryna golaý sebitde 2 sany suw bendi ýaryldy. Netijede Liwiýanyň birnäçe şäherleri we ilatly ýerleri suw joşgunynyň täsirinde galdy. Gyzyl Haç guramasynyň iň soňky maglumatlaryna görä, 11 müňden gowrak adam aradan çykyp, 20 müň töweregi hem dereksiz ýitdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir