Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 12 — 16-njy sentýabr aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça halkara ýaryş geçirildi. Oňa bu duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň milli ýygyndylary, şol sanda türkmenistanly türgenler hem gatnaşdy. Sebit ýaryşyna 8 türgen bilen gatnaşan milli ýygyndymyz örän üstünlikli çykyş edip, Watanymyza 11 medal bilen dolanyp geldiler. Şol medallaryň dördüsi eýýäm ýaryşyň ilkinji gününde gazanyldy. Türkmenistanyň suwdaky sport görnüşleri federasiýasynyň wekili Ogulmerjen Nuraýewa 50 metre brass usulynda, paýtagtly mekdep okuwçysy Waleriýa Mirenskaýa bolsa 50 metre batterflýaý usulynda ýüzmekde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bilim alýan Gurban Hommadow 200 metre arkanlygyna ýüzmekde bürünç medala mynasyp boldy. Şol gün Ogulmerjen Nuraýewa bilen Waleriýa Mirenskaýa gyzlaryň arasynda 4x100 metr aralykda erkin usulynda geçen estafeta ýaryşyny kümüş medal bilen jemlediler. Sebit ýaryşynyň ikinji gününde — 14-nji sentýabrda hem ildeşlerimiziň üstünlikleri dowam etdi. Duşenbe şäherindäki Sportuň suwdaky görnüşleriniň köşgünde geçirilen ýaryşlaryň ikinji gününde türkmen ýygyndysy ilkinji altyn medalyny hem gazandy. Has takygy, şol gün 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi Merdan Ataýewe taý tapylmady. Edil şu görnüşde gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa Waleriýa Mirenskaýa kümüş medala mynasyp boldy. Onuň bu üstünligini Ogulmerjen Nuraýewa 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşda hem gaýtalady. Günüň dördünji medalyny türkmenistanly erkin usulda ýüzüjiler eýelediler. Olar 4х100 metrlik estafeta ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldular. Ilkinji iki güni 8 — bir altyn, dört kümüş we üç bürünç medal bilen jemlän jemlän ildeşlerimiz onuň ahyrky gününde ýurdumyzyň medal gaznasyna ýene üç medaly goşmagy başardylar. Has takygy, şol gün Merdan Ataýew hem özüniň, hem milli ýygyndymyzyň ikinji altyn medalyny gazandy. Ol ikinji üstünligine 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşda ýetdi. Şol gün Waleriýa Mirenskaýa hem nobatdaky medalyny gazandy. Ol 100 metre arkanlygyna ýüzmekde gyzlaryň ýaryşynyň bürünç medalyny gazanmagyň hötdesinden geldi. Estafeta ýüzüşiniň toplumlaýyn görnüşinden garyşyk ýagdaýda 4x100 metre guralan ýaryşynda bolsa Türkmenistanyň topary ýene-de kümüş medal gazandy. Bu toparyň düzümi Ogulmerjen Nuraýewadan, Waleriýa Mirenskaýadan, Muhammetmyrat Gutlyýewden hem-de Seýran Nurmyradowdan ybaratdyr. Şeýlelikde, türkmen türgenleri ýurdumyzyň baýrak gaznasyna bu halkara ýaryşyň 11 medalyny getirdiler. Şolaryň ikisi altyn, bäşisi kümüş, dördüsi bolsa bürünç medallardyr. Sebitleýin ýaryş Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir