Azerbaýjanyň Baku şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň baş prokurorlarynyň 4-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary hem gatnaşdy diýip, «Report.az» habar berdi. Çeşmäniň Azerbaýjanyň Baş prokuraturasyna salgylanyp habar bermegine görä, mejlisiň jemi boýunça Teswirnama hem-de Jarnama gol çekildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Mejlise Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş prokurorynyň orunbasary, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Baş prokurorlary, Türkiýäniň adalat ministriniň hem-de Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir