Prezident Serdar Berdimuhamedow Tarman Şanmugaratnama Singapur Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Tarman Şanmugaratnama tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Singapur Respublikasynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Singapuryň prezident saýlawlarynda ýurduň premýer ministriniň öňki orunbasary Tarman Şanmugaratnam ýeňiji boldy. Şanmugaratnam sesleriň 70,4%-ini, onuň bäsdeşleri Ng kok Songa we Tan Kin Liana, degişlilikde, 15,72% we 13,88%-ini aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir