Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Şeýh Zaýed ben Sultan Al-Nahaýan adyndaky Döwletliler köşgüne bardy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. AE-niň ilçisi Döwletliler köşgüne saparynyň çäginde bu ýerde terbiýelenilýän çagalara ähli zerur mekdep esbaplaryny öz içine alýan 270 sany mekdep sumkasyny hem-de 20 sany kompýuteri gowşurdy. «Biz Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalaryň ýokary hilli bilim alyp, öz geljeklerini üstünlikli gurup bilmekleri üçin goldaw bermäge şat» diýip, Ahmed Al-Hameli belläp geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir