Şu gün Täjigistanyň Milli kitaphanasynda «Sanly ykdysadyýet, sanly söwda we innowasiýa» mowzugy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Ykdysady forumy öz işine başlady. Bu barada Täjigistanyň «Howar» milli habar gullugy habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew gatnaşýar. Şeýle hem gatnaşyjy wekilleriň hatarynda Täjigistanyň ykdysady ösüş we söwda ministri, Gazagystanyň milli ykdysadyýet ministri hem-de Özbegistanyň innowasiýa, senagat we söwda ministri bar. Forum 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäginde geçirilýär. Forumyň umumy mejlisi tamamlanandan soň sebitde sanly ykdysadyýet babatynda tejribe alyşmaga, elektron hökümet ulgamynyň ähmiýetine, innowasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyga, elektron söwda we jemgyýetçilik hyzmatlaryny sanlylaşdyrmaga bagyşlanan plenar mejlisler geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir