Ozal habar berşimiz ýaly, Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň gepleşikleriniň sebitleýin duşuşygy geçirilýär. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. «Howar» täjik neşiriniň habar bermegine görä, şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň gepleşikleriniň sebitleýin duşuşygyna gatnaşyjylar, şol sanda türkmen wekiliýetiniň agzalary hem Täjigistanyň Milli muzeýinde halk senetleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Muzeýde bolmagyň çäginde sebitiň ýokary wezipeli zenanlarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler Täjigistanyň baý taryhy, täjik halkynyň maddy we medeni mirasy, olaryň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy, ýurduň ajaýyp tebigaty bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Myhmanlar sergi bilen tanyşlykdan soňra Täjigistanyň Milli muzeýiniň «Hormatly myhmanlar» kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir