Microsoft korporasiýasy Kaliforniýanyň Heirloom startapy bilen geljek on ýylyň dowamynda atmosferadan 315 000 tonna çenli kömürturşy gazyny aýyrmak barada şertnama baglaşdy. Bu ABŞ-da şeýle görnüşli ilkinji şertnamadyr. Bu barada unn.com.ua habar berýär. Atmosferadan uglerody aýyrmak tehnologiýasy henizem täze we gymmat bolup durýar. Şeýle-de bolsa, ABŞ-nyň hökümeti ABŞ-da uglerody aýyrmak merkezlerini maliýeleşdirmek üçin 3,5 mlrd dollar bölüp bermek bilen bu pudagyň ösüşini işjeňleşdirmäge çalyşýar. Microsoft-yň Heirloom bilen şertnamasy bu pudagy ösdürmekde möhüm ädimdir. Bu 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylary boýunça otrisatel bolmagy meýilleşdirýän Microsoft-yň hem klimat maksatlarynyň bir bölegidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir