Germaniýanyň «Audi» kompaniýasy täzelenen «Q8» krossowerini tanyşdyrdy. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berýär. Täze nusga ozalky nusgadan matrisaly yşyklandyryjylary we sazlanýan çyralary bilen tapawutlanýarlar, eger yzdaky awtoulag iki metrden ýakyn aralyga gelse, olar has ýagtylanyp başlaýarlar. Mundan başga-da, iri öýjükli radiator gözenegi, howa germewleriniň şekili üýtgedilen bamperler ornaşdyryldy, teker diskleriniň dizaýny üýtgedilip, olaryň diametri 19-dan 20 dýuýma çenli ulaldyldy. Salonda bolsa diňe bezeg materiallary üýtgedi. Awtoulag öňküsi ýaly 231 we 286 at güýji kuwwaty bolan turbodizel motorlary, şeýle hem 340 at güýji kuwwaty bolan benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Üç nusga hem 48 woltly starter-generatora, sekiz basgançakly «awtomata» we ähli tekerleriň hereket ulgamyna eýedir. Täzelenen «Audi Q8» Germaniýada 87 müň ýewro bahadan sargyt etmek üçin elýeterlidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir