Oktýabr aýynda çykjak «Google Pixel 8» smartfonlary öňküleri bilen deňeşdirilende azyndan 150 ýewro gymmat bolar. Bu barada HotUKDeals portaly habar berdi. Çeşmäniň bellemegine görä, «Pixel 8» we «Pixel 8 Pro-nyň» Ýewropadaky başlangyç bahasy, degişlilikde, 799 ýewro we 1099 ýewro bolar, iň ýokary hilli nusgalary bolan «Pixel 8» 256 GB we «8 Pro» 512 GB üçin bahalar, degişlilikde, 859 ýewro we 1299 ýewro bolar. Geçen ýyl «Pixel 7» Ýewropada 649 ýewrodan, «Pixel 7 Pro» bolsa ýewrodan satyldy. Şeýlelikde, kompaniýanyň smartfonlarynyň bahasy 150-200 ýewro ýokarlanar. Şeýle bolan ýagdaýynda, bu enjamlar flagman segmentinde iň arzanlaryň hatarynda bolmaz we bahasy bäsdeşleriniňki bilen deň bolar. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da «Google Pixel 8-iň» bahalary näbelliliginde galýar. Käbir bilermenler üýtgeşmeleriň bu bazardan sowlup geçjekdigine ynanýarlar. Mysal üçin, öňki nusgasy bilen deňeşdirilende bahasy ýokarlanan «Samsung Galaxy Z Flip 5» bu sebitde ozalky 999 dollarlyk bahasyny saklady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir