«Samsung» 2019-njy ýylda çykan «Galaxy Note 10» flagman smartfonlaryny goldamagyny bes etdi. Bu barada SamMobile portaly habar berýär. Günorta Koreýaly korporasiýasy «Galaxy Note 10» enjamlaryny könelişen hasaplaýar we olar üçin hiç hili täzelenme, şol sanda howpsuzlyk ulgamlaryny çykarmaz. Munuň özi bu telefonlary ulanmagy dowam edýän ulanyjylar üçin töwekgelçilik döredip biler, çünki ulgamda geljekde döräp biljek kemçilikler düzedilmez. Android 9» ulgamynda işleýän «Samsung Galaxy Note 10» we «Galaxy Note 10+» 2019-njy ýylyň awgust aýynda tanyşdyryldy. Bu nusgalar üçin elýeterli operasion ulgamynyň iň soňky nusgasy «Android 12» boldy. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda «Samsung» häzirki wagtda täzelenmeleri almagyny dowam etdirjek «Galaxy Note 10 Lite» smartfonyny çykardy. Çeşmäniň bellemegine görä, «Samsung-yň» «Galaxy Note 10-ny» goldamagyny bes etmek karary korporasiýanyň ünsüni «Galaxy S» we «Galaxy Z» ýaly beýleki smartfon nusgalaryna gönükdirmegi bilen baglanyşyklydyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir