Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk Agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryndaky işjeň gatnaşyklaryny bellediler. Söhbetdeşler nebitgaz, şeýle-de bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça taslamalaryň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi babatynda pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir