30-njy iýulda Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi tamamlandy. Giriş synaglary 2-nji awgustda ýokary okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde başlanar. Resminamalary kabul ediş möwsümi başlamazdan öň, şu ýylda türkmen ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr, hünärmen, magistr maksatnamalary boýunça hünär taýýarlygynyň ugurlary artdyryldy. Şeýle hem täze ýokary we orta hünär okuw mekdepleri açyldy. Türkmenistanda giriş synaglary we okuwa kabul etmeklik ýokary okuw mekdepleri tarapyndan kesgitlenen tertibe laýyklykda, olaryň netijelerine görä amala aşyrylýar. Kabul ediş möwsümi 28-nji awgusta çenli dowam eder.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir