Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uniwersitetlerine we kollejlerine okuwa girmek isleýän ýaş türkmenistanlylar “Prep4Sucess” maksatnamasynyň çäklerinde 18 hepdelik taýýarlyk okuwlaryna çagyrylýar. Güýz möwsüminde geçiriljek okuwlarda okajaklar ABŞ-da okamak üçin zerur bolan “TOEFL” we “SAT” synaglaryna we akademiki taýdan okamak, ýazmak hem-de beýleki ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin taýýarlanylar. Bu okuwlara gatnaşmaga isleg bildirenler orta mekdebi tamamlan, ýokary okuw mekdebini tamamlamadyk ýa-da olarda okaýan bolmaly däldir. Şeýle hem okuwa gatnaşmaga isleg bildiren orta we ýokary derejede iňlis dilini bilmelidir. Resminamalary kabul edilen dalaşgäriň kompýuter ýa-da smartfon arkaly Internet elýeterliligi bolmalydyr. Okuw ýumuşlary okaýanlara sosial tor ýa-da elektron poçta arkaly iberiler. Gerekli resminamalar bilen şu salgy boýunça tanşyp bilersiňiz: americancouncilstm.org.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir