Salam, hormatly talyplar we gadyrdan dostlar! www.ubergizmo.com saýtynyň habar bermegine görä, “Opera Mobile AppStore” işe başlady. Täze Internet dükanyndan “Opera Mini” hem-de “Opera Mobile” programmalaryny ulanýanlaryň hemmesi peýdalanyp biler. Ýagny, dünýädäki jübi telefonlaryny ulanýanlaryň 55 göterim töweregi täze hyzmatdan peýdalanyp bilýärler. Täze dükana girmek üçin bolsa telefonyňyzdan mobilestore.opera.com Internet salgysyna girip, ulanýan operasion ulgamyňyzy saýlamaly. Dünýäniň 200 ýurdundan gowrak ýurtda ulanylyp bilinýän täze dükanda dürli programmalar bar. Ýeri gelende aýtsak, dükanda programmalar dükana degişli bolman, programmany dükana goýan programmaçylara degişlidir. Häzirki wagtda hyzmatyň täze bolandygy sebäpli dükanda kän programma tapdyranok, ýöne ýakyn wagtda programmalaryň sanynyň köpelmegine garaşylýar. Dükanyň (ýagny, “Opera” şereketiniň) berýän goşmaça hyzmaty bolsa dükandaky programmalara kepillik bermekdir. Ýagny, “DRM” howpsuzlygy arkaly dükandan alan programmalaryňyzda wiruslaryň bolmajakdygyna kepilnama berilýär.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir